Tramp bilen Meý Russiýa barada pikir alyşdy

Tramp bilen Meý Russiýa barada pikir alyşdy


ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Meý düýn telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi


29 Mart 2018 15:28

Tramp bilen Meý rus razwetka gullugy tarapyndan abanýan howplaryň öňüniň alynmagy we himiki ýaraglaryň ulanylmagyna rugsat berilmezligi üçin görüljek çäreler barada pikir alyşdy.

Ak Tamdan berlen beýanatda, “Prezident Donald Tramp şu gün Britaniýanyň Premýer ministri Meý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. İki lider rus razwetka gullugynyň işleriniň çäklendirilmegi we haýsydyr bir ýurtda himiki ýarag hüjümini guramagynyň öňüniň alynmagy maksady bilen Russiýanyň Britaniýadaky we ABŞ-daky içalylarynyň täsirsiz ýagdaýda getirilmegi barada ylalaşyk gazandy” diýildi.

Ozalky rus içalysy Sergeý Skrypal bilen gyzy Ýuliýa 4-nji martda Britaniýada bankda akyl huşuny ýitiripdi.

Bejergi astyna alynan Skypal bilen gyzynyň zäherlenendigi anyklanyldy.

Resmi London ozalky içalynyň zäherlenmegi wakasyndan Russiýanyň jogapkärdigini öne sürýär.

Russiýa bolsa aýyplamalary kabul etmeýär.

Yorumlar (0)